TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SANLY WIDEOARAGATNAŞYK ARKALY IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi.

Iş maslahatynda welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, geçiriljek ekiş möwsümine taýýarlyk görmek meselelerine, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyna garaldy hem-de welaýatlaryň ýolbaşçylarynyň hepdäniň dowamynda alnyp barlan işler baradaky hasabatlary diňlenildi. 

Döwlet Baştutanymyz iş maslahatynyň gün tertibindäki meselelere geçip, ilki bilen Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berdi. 

Häkim alnyp barylýan işler barada hasabat berip, welaýatyň gowaça ekiljek meýdanlarynyň ekiş möwsümine taýýarlanylyşy, sürüm we tekizleýiş işleriniň bellenen möhletlerde geçirilmegi babatda durmuşa geçirilýän işler hem-de gowaça ekişini geçirmekde ulanyljak oba hojalyk tehnikalarynyň we gurallarynyň abatlanylyp, möwsüme doly taýýar etmek, pagta öndürijileri ekiş möwsümine çenli zerur mukdarda tohum bilen üpjün etmek ugrunda görülýän çäreler barada habar berdi. 

Häkimiň milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa habar berşi ýaly, welaýatda ýeralmany, sogany we beýleki gök ekinleriň ekişiniň bellenen möhletlerde we ýokary hilli geçirilmegine hem-de dänäniň bereketli hasylyny almak we azyk bolçulygyny üpjün etmek üçin bildirilýän talaplara laýyklykda, bugdaýa ideg edilişini üpjün etmäge gönükdirilen işler alnyp barylýar. 

Hasabatyň çäklerinde häkim ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda hem-de Oba milli maksatnamasynda şu ýyl üçin bellenilen işleriň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gazanmak ugrunda yzygiderli tagallalaryň görülýändigini habar berdi. 

Mundan başga-da, Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli welaýatda açylyp, ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň gurluşyk işleriniň bellenen möhletlerde tamamlanmagy üçin hem degişli işler alnyp barylýar. Şeýle hem ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň ýyladylyşy we elektrik energiýasy bilen üpjün edilişi barada-da habar berildi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, welaýatyň “ak altyn” ekiljek meýdanlaryny ekiş möwsümine talaba laýyk taýýarlamagyň, sürüm we tekizleýiş işlerini bellenen möhletlerde geçirmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Şunuň bilen bir hatarda, gowaça ekişini agrotehniki möhletlerde we ýokary hilli geçirmek üçin ulanyljak tehnikalar we gurallar abatlanylyp, möwsüme doly taýýar edilmelidir, pagtaçylary tohum bilen doly üpjün etmek üçin ekiş möwsümine çenli zerur bolan gowaça tohumlary taýýarlanylmalydyr. 

Döwlet Baştutanymyz ýazlyk ýeralmanyň, soganyň we beýleki gök ekinleriň ekişiniň ähli agrotehniki talaplara laýyklykda geçirilmegi üçin zerur bolan çäreleri görmegiň möhümdigini aýtdy. Azyk üpjünçiligini pugtalandyrmak we bugdaýyň ýokary hasylyny öndürmek üçin bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işlerini ýokary hilli alyp barmagy dowam etmeli diýip, milli Liderimiz nygtady. 

Ýurdumyzy döwlet maksatnamalaryna laýyklykda, welaýatda şu ýyl meýilleşdirilen işleriň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gazanmagyň zerurdygy aýratyn nygtaldy. 

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli welaýatda açylyp ulanylmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalaryň gurluşyk işleriniň bellenilen möhletlerde tamamlanmagyny üpjün etmegiň möhümdigine aýratyn ünsi çekdi. Şeýle hem häkime ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň ýyladylyşyny we elektrik energiýasy bilen üpjün edilişini berk gözegçilikde saklamak tabşyryldy. 

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa günbatar sebitde obasenagat toplumyndaky işleriň ýagdaýy, hususan-da, ekerançylyk meýdanlarynda geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. 

Welaýatyň gowaça ekiljek meýdanlarynyň ekiş möwsümine toplumlaýyn taýýarlanylyşy, sürüm we tekizleýiş işleriniň bellenen möhletlerde geçirilmegi babatda degişli işleriň durmuşa geçirilişi hem-de gowaça ekişini geçirmekde ulanyljak tehnikalary we gurallary abatlap, möwsüme doly taýýar etmek, ekerançylary ýokary hilli tohum bilen üpjün etmek ugrunda yzygiderli çäreleriň görülýändigi barada habar berildi. 

Şeýle hem ýeralmanyň, soganyň we beýleki gök ekinleriň ekişiniň bellenen möhletlerde geçirilmegi, şeýle hem bugdaýa ideg edilişini, hususan-da, bugdaýyň bereketli hasylyny öndürmek hem-de azyk howpsuzlygynyň esaslaryny pugtalandyrmak maksady bilen, ekerançylyk meýdanlaryny mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we olara ösüş suwuny tutmak üçin zerur tagallalar edilýär. 

Ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynyň hem-de Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde şu ýyl üçin bellenilen işleriň ýerine ýetirilmegi üçin hem toplumlaýyn çäreler görülýär. 

Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şöhratly 30 ýyllyk senesi mynasybetli ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň gurluşyk işleriniň bellenen möhletlerde tamamlanmagy üçin hem degişli işler alnyp barylýar. Milli Liderimize ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň ýyladylyşy we elektrik energiýasy bilen yzygiderli üpjün edilişi boýunça görülýän çäreler barada hem habar berildi. 

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek üçin bölünip berlen ýerleri öz wagtynda sürmek we tekizlemek, tohumlary saýlamak hem-de nobatdaky ekiş möwsümini ýörite tehnikalar bilen üpjün etmek ýaly agrotehniki çäreleriň uly ähmiýete eýedigini belledi we şunuň bilen baglanyşykly ähli çäreleriň öz wagtynda geçirilmegini tabşyrdy. 

Hormatly Prezidentimiz bugdaýy mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we ösüş suwuny tutmak işlerini agrotehniki ylmynyň talaplaryna we möhletlerine laýyklykda geçirmek barada görkezme berdi. 

Milli Liderimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyna we Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl meýilleşdirilýän ähli işleriň doly möçberde ýerine ýetirilmegini gazanmagy tabşyrdy. 

Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli açylyp ulanylmaga beriljek desgalaryň gurluşyk işlerini tamamlamagy tabşyrdy. Milli Liderimiz welaýatda ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň ýyladylyşyny we elektrik energiýasy bilen üpjün edilişini yzygiderli gözegçilikde saklanylmagyny üpjün etmek baradaky meselelere aýratyn üns berdi. 

Sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradowyň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa welaýatyň gowaça ekiljek meýdanlarynyň ekiş möwsümine taýýarlanylyşy, hususan-da, ýerleriň sürüm we tekizleýiş işleriniň geçirilmegine taýýarlyk görlüşi hem-de gowaça ekişini geçirmekde ulanyljak tehnikalary we gurallary abatlap, möwsüme doly taýýar etmek, pagta öndürijileri zerur bolan tohum bilen üpjün etmek ugrunda görülýän çäreler barada habar berdi. 

Şeýle hem welaýatda ýeralmanyň, soganyň we beýleki gök ekinleriň ekişini bellenen möhletlerde we ýokary hilli geçirmek, bugdaýyň ýokary hasylyny öndürmek hem-de azyk üpjünçiligini artdyrmak maksady bilen, bugdaý ekilen meýdanlara ideg etmek üçin hemme çäreleriň görülýändigi habar berildi. 

Mundan başga-da, ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda hem-de Oba milli maksatnamasynda şu ýyl üçin bellenilen işleriň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça işleriň yzygiderli esasda geçirilýändigi barada hasabat berildi. 

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli açylyp, ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň gurluşyk işleriniň bellenen möhletlerde tamamlanmagyna gönükdirilen degişli anyk çäreler amala aşyrylýar. Ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň ýyladylyşy we elektrik energiýasy bilen üpjün edilişi barada hem habar berildi. 

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, meýdan işleri geçirilende, agrotehniki kadalary gyşarnyksyz berjaý etmegiň we hökmany ýagdaýda welaýatyň toprak-howa aýratynlyklaryny göz öňünde tutmagyň zerurdygyny belledi. 

Hormatly Prezidentimiz welaýatyň gowaça ekiljek meýdanlaryny ekiş möwsümine talaba laýyk we öz wagtynda taýýarlamagyň, hususan-da, sürüm we tekizleýiş işlerini bellenen möhletlerde geçirmegiň möhümdigini aýratyn nygtap, tehnikalar we zerur bolan oba hoajlyk gurallaryny doly derejede taýýarlamagy, pagta öndürijileri saýlama tohumlar bilen üpjün etmegi tabşyrdy, munuň özi öňde boljak möwsümi bellenen möhletde we ýokary hil derejesinde geçirmäge mümkinçilik berer. 

Döwlet Baştutanymyz ýazlyk ýeralmanyň, soganyň we beýleki gök ekinleriň ekişiniň bellenen agrotehniki möhletlerde geçirilmegi üçin hemme çäreleri görmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlaryna bildirilýän talaplara laýyklykda ideg edilmegi dowam etdirilmelidir. Bu bolsa bugdaýyň ýokary hasylyny almaga hem-de azyk bolçulygyny üpjün etmäge gönüden-göni hyzmat edýär. 

Hormatly Prezidentimiz ylmyň öňdebaryjy gazananlaryny ekerançylygyň baý milli tejribesi bilen sazlaşykly utgaşdyryp işjeň peýdalanmagyň möhümdigi barada aýdyp, bu ugurda Türkmen oba hojalyk institutynyň alymlary bilen bilelikde işlemegiň zerurdygyna ünsi çekdi. 

Milli Liderimiz alymlaryň oba hojalyk ekinleri, aýratyn hem ýeralma boýunça işläp, bu azyklyk önümiň hilini, önümliligini we ýokumlylygyny artdyrmaga aýratyn üns bermekleriniň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy. 

Şol ekinleriň ýerli toprak-howa şertlerine laýyk gelýän görnüşlerine möhüm ähmiýet berilmelidir. 

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Merkezi Aziýa sebitinde ekologiýa degişli esasy wezipeleriň biri bolup durýan Araly halas etmek bilen bagly alnyp barylýan işlerde bu institutyň hünärmenleriniň hem öz mynasyp goşantlaryny goşmagyny gazanmagynyň zerurdygy barada aýdyp, degişli görkezmeleri berdi. 

Mundan başga-da, ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda şu ýyl meýilleşdirilýän işleriň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gazanmak zerurdyr. 

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli welaýatda açylyp ulanylmagy maksat edinilýän dürli ähmiýetli desgalaryň gurluşyk işleriniň bellenen möhletlerde tamamlanmagyny üpjün etmek barada görkezme berdi. 

Welaýatda ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň ýyladylyşyny we elektrik energiýasy bilen üpjün edilişini berk gözegçilikde saklamak barada hem häkime tabşyryk berildi. 

Soňra göni wideoaragatnaşyk arkaly Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew sebitde işleriň ýagdaýy, ýazda gowaça ekiljek meýdanlaryň ekiş möwsümine taýýarlanylyşy, möwsümde ulanyljak tehnikalaryň we gurallaryň abatlanylyşy hem-de ekerançylary tohum bilen üpjün etmek ugrunda görülýän çäreler barada hasabat berdi. 

Sebitde ýeralmanyň, soganyň we beýleki gök ekinleriň ekişiniň bellenen möhletlerde we ýokary hilli geçirilmegi üçin taýýarlyk işleri alnyp barylýar, dänäniň bereketli hasylyny öndürmek we azyk üpjünçiligini pugtalandyrmak üçin bugdaý ekilen meýdanlara degişli ideg işleri üpjün edilýär. 

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda hem-de Oba milli maksatnamasynda şu ýyl üçin bellenilen işleriň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gazanmak ugrunda yzygiderli tagallalaryň görülýändigi habar berildi. 

Diýarymyzyň Garaşsyzlygynyň şu ýyl belleniljek şanly 30 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň gurluşyk işleriniň bellenen tertibe laýyklykda tamamlanmagy üçin hemme zerur işler geçirilýär. Ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň ýyladylyşy we elektrik energiýasy bilen üznüksiz üpjün edilmegi boýunça alnyp barylýan işler hasabatyň aýratyn meselesi boldy. 

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, obasenagat toplumynyň öňünde durýan ilkinji nobatdaky wezipelere ünsi jemledi hem-de agrotehnikanyň bellenen kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmeli meýdan işleriniň guralyşyna örän jogapkärli çemeleşmegiň wajypdygyny nygtady. 

Munuň özi, ilkinji nobatda, güýzlük bugdaýa ýokary hilli ideg edilmegine, gowaçanyň, ýeralmanyň, gök- bakja we beýleki oba hojalyk ekinleriniň ýazky ekişiniň agrotehniki möhletlerde geçirilmegine degişlidigir. Hormatly Prezidentimiz bu ugurda toplumlaýyn çäreleri görmegi tabşyryp, häkime anyk görkezmeleri berdi. 

Döwlet Baştutanymyz şu wezipeleri ýerine ýetirmekde alymlar bilen bilelikde işlemegi tabşyryp, amaly tarapdan netije berjek ylmy taýdan esaslandyrylan işläp taýýarlamalaryň zerurdygyny nygtady. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatyň gurluşyk meýdançalaryndaky işleriň ýagdaýy bilen gyzyklanyp, bina edilýän desgalarda, ilkinji nobatda, şu ýyl Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanylyp, ulanylmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işlerine gözegçiligi üpjün etmegi tabşyrdy. 

Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz häkime welaýatda ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň ýyladylyşyny we elektrik energiýasy bilen üpjün edilişini hem berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. 

Soňra Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew sebitde alnyp barylýan işler barada aýdyp, gowaça ösdürip ýetişdirmäge bölünip berlen ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak, şol ýerleri sürmek we tekizlemek boýunça görülýän çäreler, gowaça ekişini geçirmekde ulanyljak tehnikalaryň we gurallaryň abatlanylyşy hem-de pagta öndürijileri zerur mukdarda tohum bilen üpjün etmek ugrunda görülýän çäreler barada hasabat berdi. 

Şeýle hem welaýatda ýeralmanyň, soganyň we beýleki gök ekinleriň ekişiniň bellenen möhletlerde we ýokary hilli geçirilmegi üçin degişli çäreler görülýär. Bugdaýyň bereketli hasylyny öndürmek maksady bilen, welaýatda ekiş geçirilen meýdanlarda maýsalara ideg işleri bildirilýän talaplara laýyklykda amala aşyrylýar, bugdaý ýetişdirilýän meýdanlaryň iýmitlendirilmegi agrotehniki kadalara pugta laýyklykda alnyp barylýar. 

Hasabatyň çäklerinde häkim ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda hem-de Oba milli maksatnamasynda şu ýyl üçin bellenilen işleriň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gazanmak ugrunda çäreleriň görülýändigini habar berdi. 

Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şu ýyl belleniljek şanly 30 ýyllygy mynasybetli welaýatda ulanylmaga beriljek birnäçe desgalaryň gurluşyk işleriniň bellenen möhletlerde tamamlanmagy üçin hem işler alnyp barylýar. Şeýle hem ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň ýyladylyşy we elektrik energiýasy bilen üpjün edilişi barada hem habar berildi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow oba hojalyk işleriniň netijeliligini yzygiderli ýokarlandyrmagyň zerurdygyna ünsi çekip, möwsümleýin işleri öz wagtynda geçirmegiň, ekerançylary höweslendirmegiň we goldamagyň bereketli hasyl almagyň özenidigini nygtady.

Şunda güýzlük bugdaýa ýokary hilli ideg etmek, gowaça, gök-bakja ekinlerine we ýeralma ösdürip ýetişdirmek üçin bölünip berlen ýerleriň degişli derejede taýýarlanylmagy, bu çäreleriň agrotehniki kadalara laýyk gelmegi aýratyn möhüm ähmiýete eýedir. 

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz tehnikalary we gurallary öňde boljak ekiş möwsümine doly taýýarlamak, pagtaçylary ýokary hilli tohum bilen üpjün etmek, işleri agrotehniki möhletlerde we ýokary hilli geçirmek boýunça degişli tabşyryklary berdi. 

Ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda şu ýyl meýilleşdirilýän işleriň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gazanmak möhümdir diýip, milli Liderimiz nygtady. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli welaýatda açylyp ulanylmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalaryň gurluşyk işleriniň bellenen möhletlerde tamamlanmagyny üpjün etmegiň möhümdigine aýratyn ünsi çekdi. 

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz häkime welaýatda ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň ýylylyk we elektrik energiýasy bilen zerur derejede üpjün edilmegi bilen baglanyşykly meseleleri hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. 

Soňra milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary E.Orazgeldiýewiň hasabatyny diňledi. 

Wise-premýer alnyp barlan işler barada hasabat berip, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, oba hojalyk pudagyny ösdürmek ugrunda öňde goýlan wezipeleri berjaý etmek babatda bellenen çäreleriň durmuşa geçirilişi hem-de degişli gurluşyk meýdançalaryndaky işleriň ýagdaýy barada aýtdy. 

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, welaýatlardaky etrap tehniki hyzmat ediş kärhanalarynda bar bolan ähli oba hojalyk tehnikalarynyň we gurallaryň abat ýagdaýda saklanylmagyny hem-de möwsümleýin oba hojalyk işlerinde netijeli ulanylmagyny üpjün etmegi tabşyrdy. 

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öňde boljak gowaça ekişine taýýarlyk görülmegi ýaly möhüm meselä ünsi çekip, ekiş geçiriljek meýdanlarda sürüm we tekizleýiş işlerini bellenen möhletlerde geçirmek üçin bu ugurda oba hojalyk tehnikalarynyň doly güýjünde işledilmeginiň zerurdygy barada görkezme berdi. 

Döwlet Baştutanymyz pagta arassalaýjy kärhanalarda pagta çig malynyň ýokary hilli gaýtadan işlenilmegini hem-de ekiş möwsümi üçin zerur bolan gowaça tohumlarynyň taýýarlanylmagyny üpjün etmegi tabşyrdy. 

Hormatly Prezidentimiz galla kärhanalarynda azyklyk bugdaýyň talaba laýyk saklanylmagyny berk gözegçilikde saklamagyň hem-de ýokary hilli un, çörek we çörek önümleriniň öndürilmegini üpjün etmegiň zerurdygyny nygtady. 

Şunuň bilen bir hatarda, milli Liderimiz ýurdumyzyň ilatyny özümizde öndürilen ýeralma we gök-bakja önümleri bilen ýeterlik möçberde üpjün etmek üçin welaýatlaryň häkimlikleri bilen bilelikde, zerur bolan işleri geçirmegi, bu ugurda önüm öndürijileri ýokary hilli tohumlar bilen üpjün etmegi tabşyrdy. 

Döwlet Baştutanymyz Hökümetiň geçen mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň beýleki orunbasarlaryna bolşy ýaly, wise-premýer E.Orazgeldiýewe hem her pudak boýunça alnyp barylýan işleriň seljerilmeginiň tabşyrylandygyny belläp, ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň öňde boljak giňişleýin mejlisine degişli hasabaty taýýarlamagyň möhümdigi barada wise-premýere ýene-de bir gezek görkezme berdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlara alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi (turkmenistan.gov.tm)