TÄZE DÖWREBAP AEROPORT -WATANYMYZYŇ BAÝRAMYNA SOWGAT
Lebap welaýatynyň Kerki şäherinde telekeçileriň tagallasy bilen gurlan köpugurly jemgyýetçilik-söwda merkeziniň täze desgalary işläp başlady. Täze toplumyň düzüminde azyk we senagat, hojalykda ulanylýan harytlary söwda nokatlarynyň 100-e golaýy, durmuş hyzmaty binalary, ýapyk bazar we şäher ilatyna hyzmat edýän iri döwrebap binalaryň ýene-de ikisi bar.Toplum döwrebap bezeg serişdeleri, milli binagärlik elementleri ulanylyp, ýokary hilde gurlupdyr.
Türkmensitanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen Garaşsyz Diýarymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy bellenilýän ýylda üstünden Beýik Ýüpek ýoly geçen Amyderýänyň kenaryndaky gadymy Kerki şäheri öz taryhyna ösüşiň täze sahypalaryny ýazýar. 4 gatly täze ýaşaýyş jaýlar kwartalynda binalar gurulýar, şalyny gaýtadan işleýän döwrebap zawodyň jaýlary guruldy, häzirkizaman täze oba gurulýar.
Şonda-da geljekki çärýekde ulanylmaga beriljek döwrebap aeroport şanly ýylda kerkililer üçin esasy desga bolar. TDH-nyň habarçysyna Kerki etrap häkimliginde aýtmaklaryna görä, döwlet Baştutanynyň Kararyna laýyklykda gurulýan sagatda 100 ýolagça hyzmat etmäge niýetlenen taslama gurluşyk-sazlaýyş işleriniň 80 göterime golaýy, şol sanda uzynlygy 2700 we ini 60 metrlik uçuş-gonuş zolagynyň, beýleki desgalaryň gurluşygy tamamlandy. Aeroporty Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Gündogdy» hususy kärhanasynyň hünärmenleri we gurluşykçylary bina edýärler, olar birnäçe ýyl mundan ozal Türkmenabat şäherinde ýokary dünýä derejesindäki halkara aeroporty gurupdylar, ony milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow dabaraly ýagdaýda açdy.
Berdimyrat JUMAÝEW
Täze döwrebap aeroport -Watanymyzyň baýramyna sowgat (turkmenistan.gov.tm)