BAE-niň «Dragon Oil» kompaniýasynyň gözleg we täze taslamalar boýunçe ýerine ýetiriji direktory bilen geçirilen duşuşyk

2024-nji ýylyň 22-nji iýulynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäheriniň halkara howa menzilinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen BAE-niň «Dragon Oil» kompaniýasynyň gözleg we täze taslamalar boýunçe ýerine ýetiriji direktory Abdulkarim Ahmed AlMaazminiň arasynda duşuşyk geçirildi.

Taraplar iki ýurduň Liderleriniň bilelikdäki tagallalarynyň netijesi bolan işjeň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýeten sepgitlerini kanagatlanma bilen nygtadylar we Türkmenistan bilen «Dragon Oil» kompaniýasynyň arasynda netijeli gatnaşyklary hasam giňeltmäge taýýardyklaryny mälim etdiler.

Duşuşykda taraplar bar bolan özara bähbitli hyzmatdaşlygyň çäklerinde nebit we gaz pudagynda has netijeli işleriň durmuşa geçiriljekdigine ynam bildirdiler.