Türkmenistanyň Ilçisi bilen «Bureau Veritas» kompaniýasynyň wise-prezidentiniň arasyndaky duşuşygy deňiz ulagy boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirildi
2024-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda, Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki Ilçihanasynda Ilçi S. Garajaýewiň «Bureau Veritas» kompaniýasynyň Hindistan, Ýakyn Gündogar we Afrika sebitlerinde deňiz we kenarýaka işleri boýunça wise-prezidenti Kerem Kiper bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşykda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň esasy meseleleri we hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşygyň dowamynda deňiz ulagy pudagynda hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi, «Türkmendeňizderýaýollary» agentligi bilen kompaniýanyň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy we bu işleriň umumy tagallalary berkitmäge we pudakdaky meseleleri çözmäge mümkinçilik döretjekdigine ynam bildirildi. Mundan başga-da, türkmen tarapy jenap Kiperi Türkmenistana çagyrdy we saparyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň dürli ugurlaryndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşmak üçin duşuşyklary gurnap boljakdygy bellenildi.
Duşuşykda şeýle hem Türkmenistanda, ýurduň gämi gurluşyk pudagynyň ösmegi bilen bagly, Bureau Veritas kompaniýasynyň şahamçasyny açmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Iki tarap hem hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga bolan berk islegleriň bardygyny tassykladylar hem-de ebitdäki uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň ähmiýetini uludygy barada nygtap geçdiler.