img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
BIRLEŞEN ARAP EMIRLIKLERI - ABU DABI
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkmenistanyň BAE-däki Ilçisiniň «Azizi Developments» kompaniýasynyň Baş ýerine ýetiriji direktorynyň orunbasary bilen duşuşygy

photo

2025-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki Ilçisi Baýram Baýramow «Azizi Developments» kompaniýasynyň Baş ýerine ýetiriji direktorynyň orunbasary Jawed Ludin bilen duşuşdy.

J.Ludin kompaniýanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki we daşary ýurtlardaky işleri hem-de esasy taslamalary barada maglumat berdi. Ol «Azizi Developments» kompaniýasynyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanýandygyny beýan etdi.

Ilçi B.Baýramow Türkmenistanyň abraýly halkara kompaniýalar bilen özara peýdaly hyzmatdaşlyga açykdygyny nygtady, şähergurluşyk we energiýa hyzmatdaşlygy babatynda ýurdumyzyň yzygiderli artýan mümkinçiliklerine ünsi çekdi.