img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
BIRLEŞEN ARAP EMIRLIKLERI - ABU DABI
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkmenistanyň we Maldiwler Respublikasynyň BAE-däki Ilçileriniň arasynda duşuşyk geçirildi

photo

2025-nji ýylyň 29-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki Ilçisi Baýram Baýramow Maldiwler Respublikasynyň Ilçisi Mohamed Hussain Şarif bilen duşuşyk geçirdi.

Ilçiler syýahatçylyk, ulag, medeniýet ulgamlarynda we halkara guramalaryň çäginde hyzmatdaşlygy giňeltmek hem-de ikitaraplaýyn gatnaşyklary berkitmek meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Ilçiler iki ýurduň Ilçihanalarynyň arasynda gatnaşyklary ösdürmegiň, halklaryň arasyndaky dost-doganlygy we özara düşünişmegi pugtalandyrmagyň möhümdigini aýratyn nygtadylar.