img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
BIRLEŞEN ARAP EMIRLIKLERI - ABU DABI
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Birleşen Arap Emirliklerinde Türkmenistanyň Ilçisi bilen IRENA-nyň Baş direktorynyň duşuşygy

img
img
img
img

2025-nji ýylyň 30-njy oktýabrynda Abu-Dabi şäherinde IRENA-nyň 30-njy Geňeşiniň mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki Ilçisi Baýram Baýramow IRENA-nyň Baş direktory Fransesko La Kamera bilen duşuşyk geçirdi.

Fransesko La Kamera Ilçini täze wezipä bellenmegi bilen gutlap, oňa işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Taraplar hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegi we IRENA-nyň wekiliýetiniň Aşgabatda geçiriljek Bitaraplyk forumyna gatnaşmagy bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Fransesko La Kamera özüniň bu çärä gatnaşmagyny meýilleşdirýändigini habar berdi.