Türkmenistanyň BAE-däki Ilçisi bu ýurduň Daşary işler ministrliginiň Günbatar Aziýa departamentiniň direktory bilen duşuşyk geçirdi
2026-njy ýylyň 27-nji ýanwarynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň BAE-däki Ilçisi Baýram Baýramow BAE-niň Daşary işler ministrliginiň Günbatar Aziýa departamentiniň direktory Abdulaziz Al Neýýadi bilen duşuşyk geçirdi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar meýilleşdirilýän duşuşyklary we bilelikdäki çäreleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem ykdysady, ynsanperwer we syýasy ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri barada pikir alyşmalar geçirildi. Taraplar Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda konstruktiw dialogy mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň möhümdigini bellediler.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar yzygiderli gatnaşyklary dowam etdirmäge taýýardyklaryny beýan etdiler we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň çäginde özara gyzyklanma bildirýän meseleler boýunça pikir alyşmalary dowam etdirmek barada ylalaşdylar.