Türkmenistanyň BAE-däki Ilçisi bu ýurduň Daşary işler ministrliginiň Ykdysady we söwda meseleleri boýunça direktory bilen duşuşyk geçirdi
2026-njy ýylyň 2-nji fewralynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň BAE-däki Ilçisi Baýram Baýramow BAE-niň Daşary işler ministrliginiň Ykdysady we söwda meseleleri boýunça departamentiniň direktory Raşed Alteneiji bilen duşuşyk geçirdi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen BAE-niň arasynda ikitaraplaýyn ykdysady we söwda hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar. Meýilleşdirilýän ykdysady we söwda çäreleriniň taýýarlygy bilen bagly guramaçylyk we amaly meselelerine aýratyn üns berdiler.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar yzygiderli gatnaşyklary dowam etdirmäge taýýardyklaryny beýan etdiler we özara gyzyklanma bildirýän meseleler boýunça pikir alyşmalary dowam etdirmek barada ylalaşdylar.