img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
BIRLEŞEN ARAP EMIRLIKLERI - ABU DABI
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
9 Sen

Türkmenistanyň wekiliýeti Dubaýşäherinde geçirilen «AIM Congress 2026» kongresine gatnaşdy

Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki Ilçisi 2026-njy ýylyň 7-9-njy sentýabry aralygynda Dubaý Bütindünýä söwda merkezinde geçirilen 15-nji «AIM Congress 2026» kongresinde Türkmenistanyň wekiliýetine ýolbaşçylyk etdi. Wekiliýetiň düzümine Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň wekilleri girdi. «Global rowaçlygy täzeden şekillendirmek: durnukly we hemme...

DOWAMY
pic
3 Sen

Türkmenistanyň Ilçisi Abu-Dabide BAE-niň zenan suratkeşini kabul etdi

2026-njy ýylyň 3-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki Ilçisi Baýram Baýramow Ilçihanada BAE-niň suratkeşi hanym Faize Mohammed Hasany kabul etdi. Şarja şäherinden bolan suratkeş Niderlandlaryň «Peelbergen» atçylyk sport merkezinde 4-6-njy sentýabr aralygynda geçirilýän Ahalteke bedewleriniň 2026-njy ýyldaky bäsleşiginiň çäginde guralan «Ahalteke bedewi: gözelligiň kämil nusgasy» atly halkara çeperçilik bäsleşigine gatnaşdy. Onuň ýagly boýaglar bilen çekilen «Golden S...

DOWAMY
pic
3 Sen

Türkmenistanyň BAE-däki Ilçihanasynda «Neopharma LLC» kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 3-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki Ilçisi Baýram Baýramow Ilçihanada BAE-niň öňdebaryjy derman öndürijileriniň biri bolan «Neopharma LLC» kompaniýasynyň wekillerini kabul etdi. Taraplar Türkmenistan bilen kompaniýasynyň arasynda derman senagaty ugrunda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini, şol sanda ýokary hilli derman serişdeleriniň üpjünçiligini, hünär tejribesini alyşmagy, tehnologiýalary geçirmegi we önümçilik kuwwatyny ösdürmegiň geljegini ara aly...

DOWAMY
pic
31 Awg

Türkmenistanyň Ilçisi BAE-niň Milli kitaphanasynyň we arhiwiniň wekilleri bilen duşuşdy

2026-njy ýylyň 28-nji awgustynda Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki Ilçisi Baýram Baýramow BAE-niň Milli kitaphanasynyň we arhiwiniň wekilleri hem-de hünärmenleri bilen duşuşdy. Taraplar iki ýurduň degişli edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasy bilen hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi. Bu kitaphana birbada 600 okyjyny kabul etmäge we 3 million neşir birligini saklamaga niýetlenendir. Duşuşygyň...

DOWAMY
pic
31 Awg

Türkmenistanyň Ilçisi ADIHEX 2026-da Abu-Dabiniň at we düýe hassahanasynyň wekilleri bilen duşuşdy

2026-njy ýylyň 29-njy awgustynda Abu-Dabi Awçylyk we atçylyk sporty boýunça halkara sergisiniň (ADIHEX) çäginde Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirlikrindäki Ilçisi Baýram Baýramow Abu-Dabiniň at we düýe hassahanasynyň (Abu Dhabi Equine & Camel Hospital) wekilleri hem-de hünärmenleri bilen duşuşyk geçirdi. Hassahana atlar we düýeler boýunça dünýäde ilkinji goşa ugurly referens merkez bolup, onuň Al-Watba etrapçasynda binasynyň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Açylyşy bolsa 2026-njy ýy...

DOWAMY
pic
31 Awg

Türkmenistanyň ilçisi ADIHEX 2026 sergisinde «Al Asima» atçylyk klubunyň eýesi bilen duşuşdy

2026-njy ýylyň 31-nji awgustynda Abu-Dabi şäherindäki ADNEC sergi merkezinde geçirilýän 23-nji Abu-Dabi halkara awçylyk we atçylyk sergisiniň (ADIHEX) çäklerinde Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki Ilçisi Baýram Baýramow «Al Asima» atçylyk klubunyň eýesi jenap Hamdan Hamad Mubarak Hamad Al-Sulaýti bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar bilelikdäki çäreleri ara alyp maslahatlaşdylar. Klub uzak aralyga atly ýaryşlar boýunça ýöriteleşýär we Türkmenistanda geçirilýän atly sport ýaryşlaryna gat...

DOWAMY
pic
29 Awg

Türkmenistanyň Ilçisi ADIHEX halkara sergisiniň çäklerinde Birleşen Arap Emirlikleriniň Arap atlary jemgyýetiniň Baş direktory bilen duşuşdy

2026-njy ýylyň 28-nji awgustynda Abu-Dabi şäherinde geçirilýän Abu-Dabi halkara awçylyk we atçylyk sergisiniň (ADIHEX) çäklerinde Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki Ilçisi Baýram Baýramowyň Birleşen Arap Emirlikleriniň Arap atlary jemgyýetiniň Baş direktory Mohammed Ahmed Al Harbi bilen duşuşygy geçirildi. Taraplar atçylyk ulgamynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Emirlikler tarapy Jemgyýetiň wekiliýetiniň 2026-njy ýylyň 5-7-nji awg...

DOWAMY