PAÝTAGTYMYZDA WE ÝURDUMYZYŇ WELAÝATLARYNDA TÄZE BINALARYŇ AÇYLYŞ DABARALARY
Şu gün paýtagtymyzda Aşgabat çeper halyçylyk kärhanasynyň açylyş dabarasy boldy. Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli ýaýbaňlandyrylan dabaralar bu pudagyň ösüşiniň möhüm orun eýeleýändigine şaýatlyk etdi, Watanmyzyň bu hukuk derejesiniň pudagy ösdürmekdäki orny nygtaldy.
Täze binanyň açylyş dabarasyna “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň, şäher häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, medeniýet we sungat işgärleri gatnaşdylar. Döredijilik toparlarynyň şowhunly çykyşlary dabara baýramçylyk ösüşginini çaýdy.
Türkmen halysy milli sungatyň iň ýaýran we gadymy nusgalarynyň biridir. Taryhyň dowamynda Gündogar bilen söwda gatnaşyklaryny alyp baran ýewropaly täjirler öz ýurtlaryna pagta, ýüpek we halylary äkidipdirler.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow haly önümçiliginiň halkymyzyň köpasyrlyk tejribesine esaslanýan milli ugurdygyny, bu gün onuň amatly eksport harydy bolup durýandygyny, m tutuş dünýäde türkmen halylaryna bolan islegiň artýandygyny belleýär.
Açylyş dabarasynda çykyş edenler döwlet Baştutanymyzyň milli we umumydünýä medeni mirasyň möhüm bölegi bolan türkmen halylarynyň saklanylmagyna ägirt uly şahsy goşant goşandygyny nygtadylar.
Bu gün Türkmenistanda halyçylyk sungatynyň ösdürilmegine, toplumlaýyn esasda öwrenilmegine möhüm üns berilýär we halylaryň gadymy nusgalarynyň aýawly saklanylmagy hem-de dünýäde wagyz edilmegi ugrunda giň gerimli işler amala aşyrylýar. Pudagyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli pugtalandyrylýar. Häzirkizaman çeper halyçylyk kärhanalary işe girizilýär. Halyçylaryň netijeli zähmeti we amatly dynç alşy üçin zerur şertler döredilýär.
Dabara gatnaşyjylar Diýarymyzda her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde giňden bellenilýän Türkmen halysynyň baýramynyň esaslandyrylmagynyň türkmen halkynyň milli mirasyna bolan aýratyn gatnaşygyny alamatlandyrýandygyny bellediler. Ýurdumyzda her ýylda Halkara haly sergisi geçirilýär.
Paýtagtymyzyň gözel künjekleriniň birinde halk döredijiliginiň bahasyz gymmatlyklarynyň ýerleşýän ýeri we ylmy merkez bolan Türkmen halysynyň milli muzeýiniň häzirki zaman binasy bu ugurda zerur işleriň alnyp barylýandygyna güwä geçýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öz kitaplarynda bu muzeýiň täsin gymmatlyklary barada ýazýar.
Bu ýerde Diýarymyzyň dürli künjeklerinden getirilen çeperçiligi we tehniki taýdan taýýarlanylyşy boýunça seýrek duş gelýän haly nusgalarynyň örän baý gymmatlyklary saklanylýar. Bu ugurda iş alyp barýan alymlaryň, hünärmenleriň we halyçylaryň birleşen tagallasy netijesinde, gadymy nagyşlaryň ýüzlerçesi dikeldildi hem-de ajaýyp sungatyň taryhy nusgalary döwrebaplaşdyryldy.
Muzeý gymmatlyklarynyň hatarynda äpet halylar saklanylýar. Şolaryň biri dünýäde iň uly elde dokalan haly hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen meýdany 301 inedördül metre, agramy 1,2 tonna barabar bolan “Altyn asyr” halysydyr. Mundan başga-da, ýurdumyzyň halyçylary Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllyk baýramy mynasybetli halyçylygyň taryhynda iň uly—meýdany 378 inedördül metre barabar bolan halyny dokadylar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň giň halkara hyzmatdaşlyk syýasaty netijesinde, gözelligi we hili boýunça deňi-taýy bolmadyk türkmen halylary dünýäniň dürli ýurtlaryna ýaýrandygyny nygtadylar. Parižde we Monrealda, Leýpsigde we Brýusselde, Ženewada hem-de Maýn boýundaky Franktfurtda geçirilen halkara ýarmarkalarynda, sergilerinde türkmen halylarynyň köpsanly baýraklara mynasyp bolmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.
Türkmen el halylarynyň muşdaklarynyň Bütinlünýä assosiasiýanyň alyp barýan işi hallkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde möhüm orun eýeleýär. Ýurdumyzyň hem-de daşary döwletleriň halyçylary, telekeçiler, hususy muzeýleriň eýeleri, türkmen halyşynaslygyny öwrenýän hünärmenler we alymlar bu düzümiň agzalary bolup durýar. Olar her ýylda Türkmenistanda jemlenişip, dünýäde bu sungaty ösdürmegiň we wagyz etmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşýarlar.
2019-njy ýylda türkmen halyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli sanawyna girizilmegi bu ugurda alnyp barylýan işleriň üstünliklere beslenýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, munuň özi biziň ajaýyp halylarymyzyň sungat ýadygärligi hökmünde Milletler Bileleşiginiň ykrarnamasyna eýe bolýandygyny aňladýar.
Dünýäniň medeni mirasynyň aýrylmaz bölegine öwrülen türkmen halyçylyk däpleriniň ÝUNESKO-nyň bilermenleri tarapyndan ykrar edilmegi bu ajaýyp sungatyň daşary ýurtlarda giňden wagyz edilmegine we gymmatynyň artmagyna ýardam eder.
Çykyş edenler arassa ýüňden dokalan türkmen el halylyaryny dünýä bazarlaryna ugradýan “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň işiniň ähmiýetlidigini nygtadylar. Onuň düzüminde ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ýerleşen çeper halyçylyk kärhanalarynyň 8-si bar.
Soňky ýyllarda pudagyň kärhanalary işjeň döwrebaplaşdyrylýar. Ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary peýdalanmagyň hasabyna täze önümçilik kuwwatlyklary döredilýär, munuň özi döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzda gurulýan ähli täze binalara bildirýän üýtgewsiz talabydyr.
“Ruhabatgurluşyk” müdirliginiň gurluşykçylarynyň paýtagtymyzyň Kemine köçesiniň ugrunda bina eden Aşgabat çeper halyçylyk kärhanasy munuň aýdyň subutnamasydyr. Täze bina 1959-1960-njy ýyllarda gurlan iki gatly haly kärhanasynyň ornunda peýda boldy.
Iki gatly täze binanyň meýdany müňlerçe inedördül metre barabardyr. Toplumyň düzümine önümçilik binasy, çig mal serişdelerini hem-de taýýar önümleri üçin niýetlenen ammar, birnäçe inženerçilik-tehniki we durmuş üpjünçilik önümçiligi desgalary girýär.
Merkezi binanyň birinji gatynda haly önümleriniň söwdasyny guraýan dükan ýerleşdirildi. Onuň ikinji gatynda muzeý, suratkeşleriň ussahanalary, maslahat zaly we edara ediş otaglary bar. Kärhanada sapaklary boýamak üçin niýetlenen barlaghana bar. Täze binanyň gurulmagy bilen 200 iş orunlary döredildi.
Bu ýerde ekilen haly muzeýinde kärhananyň taryhy, meşhur önümleri, önümçilikde ulanylýan çig mallaryň nusgalary barada gürrüň berýän maglumatlar goýlupdyr. Bu ýerde gadymy haly önümleriniň nusgalary, dürli halyçalar, horjunlar, namazlyklar, torbalar, gapylyklar, çuwallar, haly dokamakda ulanylýan zähmet gurallary, gadymy halyşynaslyk däplerini baýlaşdyrýan halyçylaryň döwrebap işleri görkezilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň milli halyçylyk sungatyna bagyşlan many-mazmunly we owadan bezegli kitaplary bu ýerde möhüm orun eýeleýär.
Milli Liderimiziň “Janly rowaýat” we “Arşyň nepisligi” atly kitaplary türkmen halyşynaslygynyň beýik sungat we baý ruhy, maddy medeniýetiň gymmatlygy hökmünde döwrebap garaýyşlara mynasyp boldy. Kitaplaryň daşary ýurt dillerine terjime edilmegi türkmen halylarynyň dünýädäki şöhratyny has-da artdyrdy.
Beýleki haly kärhanalarynda bolşy ýaly, täze kärhanada adaty nagyşly halylar bilen bir hatarda, dürli şekiller, portretler ýerleşdirilen halylara, sowgatlyk önümlere möhüm orun berler. Bu ýerde türkmen halylarynyň nusgawy görnüşleri dörediler.
Kesesinden syn etseň, haly dokamak şeýle bir çylşyrymly däl ýaly. Ýöne bu beýle däl. Dabara gatnaşyjylar munuň şeýledigine göz ýetirdiler. Halyçylaryň barmaklarynyň göze ilmeýän hereketleri, keseriň ýalpyldysy ajaýyp çitimleri emele getirýär.
Şeýle hereketler bilen ýerine ýetirilýän çitimleriň birnäçe müňüsini amala aşyrmaly. Ýeri gelende aýtsak, ajaýyp haly nusgalarynyň 1 inedördül metrinde milliondan gowrak çitimiň bardygyny bellemeli. Ýöne halyçylykda diňe bir çitimleri ýerine ýetirmek däl, eýsem, haly taýýar bolýança ynsanyň içki dünýäsiniň aýdyňlygy wajyp bolup durýar.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, haly gölleri diňe bir nagyş, çylşyrymly nyşan däl, eýsem, adamyň älem we daşky gurşaw bilen özara gatnaşyklaryny emele gelmekdäki rowaýatlaryň, arzuwlarynyň amala aşmagy bolup durýar. Türkmen halylarynyň çeperçilik gurluşynda içki gapma- garşylygyň ýokdugyny, onuň ajaýyp owazly aýdymdygyny tekrarlaýarlar. Adaty halylar—olar nusgawy sazlar ýalydyr. Bu halylar asyrlaryň dowamynda özüniň mähri bilen kalplara nur çaýýar we adamlary ýagşylyklara ugrukdyrýar.
Türkmen halylarynyň tapawutly aýratynlygy olaryň uzakmöhletleýin bolmagy hasaplanylýar. Hut şonuň üçin hem halylara “Daşdan berk—gülden näzik” diýýärler. Şolaryň ýokary dykyzlygy, nagyşlarynyň dürslügi we aýdyňlygy özboluşly aýratynlygy bolup durýar. Halylar ýyllar geçse-de könelmän, reňk öwüşginlerine täzeçil nur çaýyp, has-da ýakymly bolýar.
Giň hem-de ýagty önümçilik desgalary ýyladyş, salkynladyş we ýelejirediş ulgamlary bilen enjamlaşdyryldy. Naharhana we beýleki durmuş maksatly desgalar işgärleriň hyzmatynda.
Dabaranyň dowamynda gurluşykda has tapawutlanan işgärlere gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
Kärhananyň işgärleri milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa mähriban Watanymyzyň Bitaraplyk baýramy bilen gutladylar hem-de halyçylyk pudagynyň ösdürilmegi, zähmeti we döredijiligi utgaşdyrmak ugrunda ähli zerur şertleriň döredilendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
***
Şu gün Türkmenbaşy erabynda Watanymyzyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň hormatyna hormatly Prezidentimiziň daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilgi ösdürmek boýunça tassyklan Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde bina edilen gurluşyk serişdelerini we gipsokartony öndürýän kärhananyň açylyş dabarasy boldy.
Ýerli çig mallardan taýýarlanylýan gurluşyk serişdeleriniň möçberlerini artdyrmak hem-de olaryň görnüşlerini köpeltmek ýurdumyzyň gurluşyk senagatynyň öňünde durýan möhüm wezipeleriň biridi.
Diýarymyzyň dürli künjeklerinde senagat we durmuş düzümine degişli köpsanly desgalaryň, şol sanda ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň, saglygy goraýyş edaralarynyň, söwda merkezleriniň gurluşygynyň ýaýbaňlandyrylmagy sebitleriň sazlaşykly ösüşini, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagyny üpjün edýär.
Şunuň ýaly giň gerimli işlere ykdysadyýetimiziň hususy böleginiň wekilleri işjeň gatnaşýarlar, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli goldaw bermeginde telekeçilik okgunly ösüşe eýe boldy. Gurluşyk serişdeleriniň önümçiligi boýunça Akdaş şäherçesinde ýerleşýän täze kärhanany Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy “Ak gaýa” hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleri bina etdiler.
Bu önümleriň esasy çig maly hökmünde kärhananyň golaýynda ýerleşýän känden gazylyp alynýan kalsit ulanylýar. Ol owradylmagy we elekden geçirilmegi bilen degişli tehnologiýa enjamlar bilen üpjün edilen bölüme iberilýär. Bu ýerde Türkiýäniň, Ispaniýanyň, Hytaýyň we beýleki ýurtlaryň enjamlary oturdyldy.
Ähli önümçilik ulgamy awtomatlaşdyrylyp, operator tarapyndan dolandyrylýar. Önümiň hilini barlaýan barlaghana, kompressor gurnamasy, transformator podstansiýasy, taýýar önümleri gaplaýan bölüm, olary saklamaga niýetlenen ammar bar. Bu ýerde onlarça täze iş orunlary döredildi. Öndürijilikli zähmet çekmek üçin ähli zerur şertler bar.
Täze desganyň açylyş dabarasynda çykyş eden aýdym-saz toparlary dabara özboluşly öwüşgin çaýdy. Bu ýerde has tapawutlanan gurluşykçylara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
***
Mary şäheriniň ilaty Watanymyzyň Bitaraplyk derejesiniň 25 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda ajaýyp sowgat aldylar. Bu ýerde täze ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabarasy boldy.
Ir bilen baýramçylyk äňehinde bezelen täze binalaryň çägine welaýatyň we etrabyň häkimlikleriniň wekilleri, hormatly ýaşulular, ýaşlar we şäheriň köpsanly ilaty ýygnandy. Döredijilik toparlary belent ruha beslenen aýdym-sazly, joşgunly tansly çykyşlary bilen dabaranyň şowhunyny artdyrdylar.
Çykyş edenler täze jaýlara göçüp gelen maşgalalary gutlap, bu wakanyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Döwlet adam üçindir!” diýen şygary baş ýörelge edinýän durmuş syýasatynyň uly üstünlige beslenýändiginiň subutnamasyna öwrülendigini nygtadylar.
Dabara gatnaşyjylar Diýarymyzyň sebitlerinde halkymyzyň abadançylygynyň özeni bolan döwrebap durmuş-ykdysady düzümiň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berýändigi üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk sözleri beýan etdiler.
Hormatly Prezidentiimziň başlangyjy bilen sebitleriň ösüş maksatnamasy hem halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilendir. Şonuň çäklerinde Diýarymyzyň ähli künjeklerinde adamlaryň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen zerur şertler döredilýär we giň gerimli gurluşyk işleri yzygiderli dowam edýär.
Welaýatyň merkeziniň Gorkutata köçesiniň ugrunda bina edilen we şäheriň özboluşly bezeg aýratynlygyna öwrülen dört gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 3-sinde 88 maşgala niýetlenen öýler bar.
Mary şäheriniň jemagat abatlaýyş-gurluşyk müdirliginiň gurluşykçylary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň şähergurluşyk maksatnamasyna bildirýän talaplaryny nazara alyp, döwrebap gurnamalary we bezeg serişdelerini işjeň peýdalandylar. Bu ýerde has tapawutlanan gurluşykçylara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
Iki we üç otagly öýlerde giň eýwanlar, maşgalalaryň amatly ýaşaýşyny üpjün edýän şertleri bolan otaglar bar. Täze desgalar merkezleşdirilen ýylylyk, energiýa, gaz we suw üpjünçilik ulgamy bilen enjamlaşdyryldy.
Ýagty otaglar, milli äheňdäki bezegler, ajaýyp mebeller tääe jaýlara göçüp gelenleriň isleglerini doly kanagatlandyrýar. Jaýlaryň gurluşygynda ýurdumyzyň ekologiýa taýdan arassa gurluşyk serişdeleri peýdalanyldy.
Täze binalaryň ýanaşyk ýerleri göwnejaý abadanlaşdyryldy. Ýanýodalar çekildi, gök zolaklar döredildi we dürli agaç nahallary ekildi.
Täze ýaşaýyş jaýlarynyň iri şähergurluşyk maksatnamalarynyň çäklerinde raýatlaryň sargytlarynyň we serişdeleriniň çekilmeginiň hasabyna paýly gurluşyk esasynda gurlandygyny bellemeli.