SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Fransiýa Respublikasyna resmi sapary barada
2025-nji ýylyň 5-6-njy maýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Fransiýa Respublikasyna resmi saparyny amala aşyrdy. Saparyň maksatnamasy örän baý boldy. Pariže gelenden soňra Gahryman Arkadagymyz Fransiýanyň resmi wekili bilen duşuşdy. Dostlukly ýurduň wekili Fransiýanyň Türkmenistan bilen köpugurly hyzmatdaşlyga ýokary baha berýändigini belledi hem-de Gahryman Arkadagymyza saparynyň üstünlikli geçmegini arzuw etdi. Türkm...
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Fransiýa Respublikasyna resmi sapary başlandy
2025-nji ýylyň 5-nji maýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow resmi sapar bilen Fransiýa Respublikasyna ugrady. Syýasy-diplomatik ulgamda türkmen-fransuz hyzmatdaşlygy ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşlerde üstünlikli ösdürilýär. Iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler yzygiderli geçirilýär. Birnäçe sagatdan soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly...
Türkmenistanyň çagalaryň bagtyýar durmuşynyň bähbidine tagallalary birleşdirmek boýunça başlangyçlary BMG-de goldanyldy
Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 29-njy martynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 4 ýyllygy mynasybetli «Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi» atly halkara maslahat üstünlikli geçirildi. Maslahatyň dowamynda seredilen meseleler onuň Jemleýji resminamasynda öz beýanyny tapdy. Agzalan Jemleýji resminama Birleşen Milletler Guramasynyň resmi dillerine terjime edilip, Baş Ass...
Türkmenistanyň DIM-inde «Etihad Rail» kompaniýasynyň halkara gatnaşyklar boýunça ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşyk geçirildi
2025-nji ýylyň 30-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň «Etihad Rail» kompaniýasynyň halkara gatnaşyklar boýunça ýerine ýetiriji direktory Tarik Mohammed Al Falahiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky ulag we aragatnaşyk pudagyndaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar. Ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn ulag-aragatnaşyk baglanyşyklaryny ösdürmek babatynda port infrastrukturasyny öz içine...
Haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti “Al-Arabiýa” teleýaýlymynyň wekilleri bilen duşuşdy
2025-nji ýylyň 19-njy aprelinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa ýurdumyza sapar bilen gelen “Al-Arabiýa” teleýaýlymynyň esasy alypbaryjysy Riz Hanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşdy. Duşuşykda myhmanlar gaznanyň alyp barýan işleri bilen giňişleýin tanyşdyryldy. Riz Han dünýäde köpmillionly tomaşaçysy bolan “Al-Arabiýa” teleýaýlymynyň ýurdumyza gele...
BMG-niň Baş Assambleýasy “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly kararnamany biragyzdan kabul etdi
2025-nji ýylyň 21-nji martynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji umumy mejlisinde “Parahatçylygy gurmak we parahatçylygy goramak” gün tertibiniň 61-nji bendi bilen “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly kararnama biragyzdan kabul edildi. Kararnamany hödürlemek bilen, Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili Aksoltan Ataýewa hemişelik Bitaraplyk derejesiniň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy we ýurdumyzyň deňagramly parahatçylyk taglymatyny halkara giňiş...
Kataryň Emiri bilen duşuşyk geçirildi
2025-nji ýylyň 16-njy martynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tani tarapyndan kabul edildi. Duşuşygyň dowamynda daşary syýasat edarasynyň ýolbaçysy Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kataryň Emiriniň adyna ýollan mähirli salamy...