SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Bütindünýä hökümetler sammitinde çykyş etdi
Türkmenistanyň wekiliýeti 2026-njy ýylyň 3-5-nji fewraly aralygynda Dubaý şäherinde geçirilen Bütindünýä hökümetler sammitine gatnaşmagynyň dowamynda, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow 2026-njy ýylyň 3-nji fewralynda Sammitiň çäginde geçirilen «Ählumumy bileleşikleriň geljegi» atly sessiýada çykyş etdi. Çykyşynyň dowamynda, Ministr dünýä jemgyýetçiliginiň öňünde duran möhüm meseleleri çözmek boýunça Türkmenistanyň çemeleşmesini be...
Türkmenistanyň wekiliýeti Dubaýda geçirilýän Bütindünýä hökümetler sammitine gatnaşdy
2026-njy ýylyň 2-5-nji fewraly aralygynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Bütindünýä hökümetler sammitine gatnaşmak maksady bilen Birleşen Arap Emirliklerine iş saparyny amala aşyrdy. Bütindünýä hökümetler sammiti 2026-njy ýylyň 3-den 5-nji fewraly aralygynda Dubaýda geçirildi. Sammite 30-dan gowrak döwlet we hökümet baştutany, şeýle hem 150 hökümet wekiliýeti we takmynan 6 000 ga...
Türkmenistanyň BAE-däki Ilçisi bu ýurduň Daşary işler ministrliginiň Ykdysady we söwda meseleleri boýunça direktory bilen duşuşyk geçirdi
2026-njy ýylyň 2-nji fewralynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň BAE-däki Ilçisi Baýram Baýramow bilen BAE-niň DIM-niň Ykdysady we söwda meseleleri boýunça departamentiniň direktory Raşed Al Teneijiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda ikitaraplaýyn ykdysady we söwda hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy hem-de geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Ikitaraplaýyn haryt dolanyşy...
Türkmenistanyň BAE-däki Ilçisi bu ýurduň Daşary işler ministrliginiň Günbatar Aziýa departamentiniň direktory bilen duşuşyk geçirdi
2026-njy ýylyň 27-nji ýanwarynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň BAE-däki Ilçisi Baýram Baýramow BAE-niň Daşary işler ministrliginiň Günbatar Aziýa departamentiniň direktory Abdulaziz Al Neýýadi bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar meýilleşdirilýän duşuşyklary we bilelikdäki çäreleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem ykdysady, ynsanperwer we syýasy ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki mümkinçilik...
Türkmenistanyň Ilçisi BAE-niň Prezidentine ynanç hatlaryny gowşurdy
2025-nji ýylyň 1-nji dekabrynda Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki Ilçisi Baýram Baýramow Abu-Dabide ýerleşýän Kasr al Watan köşgünde Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Muhammed bin Zaýed Al Nahaýýana ynanç hatlaryny gowşurdy. Tertip boýunça dabaranyň ilkinji bölegi hormat garawulyň öňünde döwlet senalarynyň ýerine ýetirilmegi bilen 2025-nji ýylyň 27-nji noýabrynda geçirildi. Dabara BAE-niň Wise-prezidenti we Premýer-ministriň orunbasary, Prezidentiň Diwanynyň başlygy Şeý...
Türkmenistanyň BAE-däki Ilçisi Seýşeller Respublikasynyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirdi
2025-nji ýylyň 27-nji noýabrynda Türkmenistanyň BAE-däki Ilçisi Baýram Baýramow Seýşel Respublikasynyň BAE-däki Ilçisi Gervais Moumou bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda Seýşel tarapynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp, dekabr aýynda Aşgabatda geçiriljek ýokary derejeli halkara forumyna gatnaşmagy boýunça mesele ara alyp maslahatlaşyldy. Ilçi Moumou Seýşelleriň foruma gatnaşmak niýetini tassyklady. Şeýle-de duşuşygyň dowamynda, taraplar özara gyzyk...
Türkmenistan wekiliýeti Dubaý şäherinde geçirilen «Big 5 Global 2025» sergisine gatnaşdy
BAE-niň Energetika we infrastruktura ministriniň çakylygy boýunça Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministri Abdulla Geldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 2025-nji ýylyň 24-27-nji noýabry aralygynda Dubaý şäherinde geçirilen «Big 5 Global 2025» atly halkara sergä we maslahata gatnaşdy. Türkmen wekiliýetiniň gatnaşmagy iki ýurduň hyzmatdaşlygynyň ýokary derejesini we Türkmenistanyň gurluşyk hem-de infrastruktura ulgamyndaky möhüm hyzmatdaşy hökmünde ykrar edilýändigini gör...