SOŇKY HABARLAR
Aral deňziniň howdanynyň ýurtlary üçin Ýörite maksatnamasynyň döredilmegini ara alyp maslahatlaşmak boýunça sebitleýin maslahat geçirildi
2024-nji ýylyň 30-njy noýabryndan 1-nji dekabry aralygynda Aşgabatda Aziýa-Ýuwaş ummany sebiti boýunça Ykdysady we durmuş komissiýasynyň (ESCAP) BMG-niň Aral deňziniň howdanynyň ýurtlary üçin Ýörite maksatnamasynyň döredilmegini ara alyp maslahatlaşmak boýunça sebitleýin maslahaty geçirildi. Aral deňziniň howdanynyň ýurtlary üçin BMG-niň Ýörite maksatnamasyny döretmek baradaky teklip 2012-nji ýylda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamed...
Türkmenistanyň wekiliýeti “Merkezi Aziýa - Hytaý” formatyndaky ministrler derejesindäki duşuşygyna gatnaşdy
2024-nji ýylyň 1-nji dekabrynda Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Syçuan welaýatynyň Çendu şäherinde (HHR) geçirilen “Merkezi Aziýa – Hytaý” formatyndaky daşary işler ministrleriniň bäşinji duşuşygyna gatnaşdy. Duşuşyga gatnaşyjylar gatnaşyjy ýurtlaryň umumy bähbitleri üçin konstruktiw hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirilen bilelikdäki tagallalary güýçlendirmek nukdaýnazaryndan “Merkezi Aziýa – Hytaý” formatynda hyzmatdaşlygyň möhüm ornuny belled...
Türkmenistan BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy bilen hyzmatdaşlyga ygrarly
2024-nji ýylyň 29-njy noýabrynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Howanyň üýtgemegi şertlerinde Azyk howpsuzlygy boýunça maslahata gatnaşmak üçin Aşgabat şäherine gelen BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň (UNEP) Ýewropadaky Sebitleýin býurosynyň Direktory Arnold Kreýlhuberiň arasynda duşuşyk geçirdi. Duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen UNEP-iň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny, şeýle hem ozal gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa ge...
Aşgabat şäherinde «Howanyň üýtgemegi şertlerinde azyk howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahat geçirildi
2024-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Aşgabat şäheriniň «Ýyldyz» myhmanhanasynda «Howanyň üýtgemegi şertlerinde azyk howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahat geçirildi. Utgaşykly görnüşde guralan foruma ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikleriniň ýolbaşçylary, halkara guramalaryň we maliýe düzümleriniň wekilleri, şeýle hem KHBS-niň wekilleri gatnaşdylar. Forumyň esasy maksady howanyň üýtgeýän şertlerinde azyk howpsuzlygyny üpjün etmek babatda sebit we ählumumy hyzmatdaşlyg...
Aşgabat şäherinde «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – 2024» atly halkara maslahaty we sergisi öz işine başlady
2024-nji ýylyň 26-njy noýabrynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Bütindünýä durnukly ulag gününe bagyşlanan «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – 2024» atly halkara maslahaty we sergisi öz işine başlady. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi tarapyndan guralan bu çärä Türkmenistanyň ýöriteleşdirilen edaralarynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri, dünýäniň onlarça ýurdunyň ýokary derejeli wek...
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy BAE-niň wekilleri bilen duşuşdy
2024-nji ýylyň 25-nji noýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň energetika we infrastruktura ministri Suheýl Al Mazrui hem-de senagat we öňdebaryjy tehnologiýalar ministri, Abu-Dabiniň milli nebit kompaniýasynyň Baş direktory Soltan Ahmed Al-Jaber bilen duşuşdy. Myhmanlar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, tü...
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň wekillerini kabul etdi
2024-nji ýylyň 25-nji noýabrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň energetika we infrastruktura ministri Suheýl Al Mazruini hem-de senagat we öňdebaryjy tehnologiýalar ministri, Abu-Dabiniň milli nebit kompaniýasynyň Baş direktory Soltan Ahmed Al-Jaberi kabul etdi. Ministrler duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, BAE-de Türkmenistan bilen özara bähbitlilige hem-de dostluga esaslanýan döwletara hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna uly äh...