SOŇKY HABARLAR
«RÖNESANS HOLDING» KOMPANIÝASYNYŇ PREZIDENTI HYZMATDAŞLYK ÜÇIN HOŞALLYK BILDIRDI
?Rönesans Holding» kompaniýasynyň prezidenti Erman Ylyjagyň Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa iberen hatynda şeýle diýilýär: «Rönesans Holding A.Ş.» kompaniýasynyň adyndan we öz adymdan «Diwan» myhmanhanasynyň açylyş dabarasynyň çäklerinde mähirli kabul edendigiňiz üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärin. Şol taslama boýunça Türkmenistanyň hyzmatdaşy bolmak kompaniýamyz üçin uly hormatdyr we biziň goşandymyzyň türkmen paýtagtynyň gözelligini we ajaýyplygyny has-da artdyr...
«JOHN DEERE» KOMPANIÝASYNYŇ PREZIDENTI MARK FON PENTS DÖWLET BAŞTUTANYNY WE TÜRKMEN HALKYNY HASYL TOÝY MYNASYBETLI GUTLADY
?John Deere» kompaniýasynyň adyndan Sizi we türkmen halkyny Türkmenistanda giňden bellenilýän Hasyl toýy mynasybetli gutlaýaryn. Häzir Türkmenistan gazanan üstünliklerine buýsanmaga haklydyr. Siziň parasatly daşary syýasatyňyz halkara derejesinde uly abraýa eýe boldy we ykrar edildi. Siziň Alyhezretiňiziň makullan strategik taslamalaryňyzyň doly amala aşyrylandygyny habar bermäge şatdyryn. Biz borçnamalarymyzyň öz wagtynda ýerine ýetirilmegini hem-de Siziň görkezmeleriňiziň ýerine ýetirilm...
OBA HOJALYK ÖNÜMLERINI ÖNDÜRMÄGE TELEKEÇILERIŇ MYNASYP GOŞANDY
Ýurdumyzyň telekeçileri ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda netijeli iş alyp barýarlar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) maglumatlaryna görä, ýurdumyzda azyk önümleriniň aglaba bölegini hususy fermer hojalyklary we telekeçilik düzümleri öndürýärler. 2020-nji ýylda hususy pudakda 30 müň tonna golaý pomidor ýygnaldy, munuň özi geçen ýyldakydan dört esse köpdür. Fermerleriň atyzlaryndan kartoşkadan rekord hasyl alyndy – 37 müň tonna golaý bu azyklyk önüm we 13 müň ton...
DÖWLET BAŞTUTANYMYZ DAÝHANLARYŇ ZÄHMET ÝEŇŞI HAKYNDA HASABATY KABUL ETDI
Şu gün — ýurdumyzda Hasyl toýunyň giňden bellenilýän güni hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow baýramçylyk wideomaslahatyny geçirdi. Onda oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işleriň käbir netijeleri jemlenildi. Dabaraly çärä ýurdumyzyň her welaýatyndan çagalar hem gatnaşdylar. Döwlet Baştutanymyz Ahal, Balkan, Lebap, Mary we Daşoguz welaýatlarynyň häkimlerinden ýurdumyzyň ekerançylarynyň pagta taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamalarynyň üstünlikli ýerine ýetirilendigi bar...
ÝYLLYK TABŞYRYK AMAL EDILDI!
Daşoguz welaýatynyň ekarançylary şaly taýýarlamak tabşyrygyny ýerine ýetirdiler. Olar 8100 gektar meýdandan 35 müň tonnadan«merjen däne» gowrak ýygnadylar. Sebitde esasy şaly ýetişdirýän we ony gaýtadan işleýän S. Türkmenbaşy etrabynyň ýörüteleşdilen «27-nji oktýabr» daýhan birleşiginiň şalyçylary ilkinjiler bolup üstünlik gazandylar, bu ekin hojalykda 3350 gektar meýdana ekildi. Entek atyzlarda şaly ýetik, sebitiň ýörüteleşdirilen hojalyklarynda ýygymyň depgini peselmeýär. Ozalkylary ýaly...
BIRŽA TÄZELIKLERI
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 41-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Hytaýyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Germaniýanyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen nebit koksyny, awiakerosinini, dizel ýangyjyny, gidro usulda arassalanan dizel ýangyjyny, awtomobil benzinini satyn aldylar. “Türkmengaz” döwlet konserninde öndürilen ýokary dykyzlykdaky polietilen R...
HORMATLY PREZIDENTIMIZ GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW TÄZE ŞYPAHANANYŇ AÇYLYŞ DABARASYNA GATNAŞDY
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllyk baýramçylygynyň hormatyna Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde gurlup, ulanylmaga berlen häzirki zaman «Bagabat» şypahanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Şypahana toplumy bilen bir hatarda, oňa barýan döwrebap ýoluň gurlup, ulanylmaga berilmegi we onuň ugrunda belent başly «Saglyk» binasynyň oturdylmagy mynasybetli guralan dabaralar eziz Diýarymyzyň her bir gününiň belent sepg...