Türkmenistanyň Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentliginiň (IRENA) Geňeşiniň 30-njy mejlisine gatnaşmagy hakynda

img
img
img
img
img
img
img
img

Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentliginiň (IRENA) Geňeşiniň 30-njy mejlisi 2025-nji ýylyň 30-31-nji oktýabry aralygynda Abu-Dabi şäherinde geçirildi. Mejlise 80-den gowrak ýurtdan ministrleri, ilçileri we energiýa ugry boýunça ýolbaşçylary öz içine alýan wekiliýetler gatnaşdy. IRENA-nyň Geňeşi guramanyň esasy dolandyryjy edaralarynyň biri bolup, ol ösýän we ösen ýurtlaryň deň derejeli gatnaşyklaryny üpjün etmek bilen, dünýä derejesinde gaýtadan dikeldilýän energiýa babatda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ýardam berýär.

Türkmenistan bu mejlise Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki Ilçisi Baýram Baýramowyň gatnaşmagy bilen wekilçilik etdi.

Mejlislerde gatnaşyjylar arassa energiýa ulgamyndaky hyzmatdaşlygy berkitmegiň we tejribe alyşmagyň, şeýle hem innowasion tehnologiýalaryň ösdürilmeginiň zerurdygyny nygtadylar.

Türkmenistanyň bu ýokary derejeli çärä gatnaşmagy, ýurduň durnukly energetika ösüşine bolan ygrarlylygyny hem-de IRENA-nyň çägindäki halkara başlangyçlara işjeň gatnaşýandygyny ýene-de bir gezek tassyk etdi.

Türkmenistan gaýtadan dikeldilýän energiýa babatda hyzmatdaşlygy giňeltmäge we dünýä derejesindäki has ýaşyl hem-de ygtybarly energetika geljegine ýetmäge gönükdirilen tagallalary goldamaga dowam edýär.